Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdadyň Ýaşyl zonasynda bomba partlamasynda dört adam öldi


Yragyň resmileriniň hepdäniň duşenbe güni aýtmaklaryna görä, Bagdadyň howpsuzlyk taýdan berk gözegçiligindäki Ýaşyl zonasynyň golaýynda janyndan geçen hüjümçiniň amala aşyran ulag partlamasy zerarly dört adam heläk bolup, azyndan 11 adam ýaralandy. Heläk bolanlaryň ikisiniň yrakly esgerlerdigi habar berildi. Beýlekileriň parahat ýaşaýjylardygy çak edilýär.

Bagdadyň Ýaşyl zonasy günbatar ilçihanalarynyň we halkara edaralarynyň ýerleşýän ýeri. Partlamanyň yzýany ok atyşygynyň bolanlygy barada hem maglumat berildi.
XS
SM
MD
LG