Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Uruş jenaýatlarynda güman edilýänleriň sanawy düzüldi


Siriýanyň demirgazygyndaky Sarakib şäherinde ok-däriler çaşyp ýatyr. 12-nji sentaýbr, 2012 ý.
Siriýanyň demirgazygyndaky Sarakib şäherinde ok-däriler çaşyp ýatyr. 12-nji sentaýbr, 2012 ý.

BMG-niň adam hukuklary boýunça derňewçileri Siriýada uruş jenaýatlaryny amala aşyrmakda güman edilýän adamlaryň we toparlaryň täze sanawyny düzdi.

Adam hukuklary boýunça geňeş tarapyndan esaslandyrylan garaşsyz topar özüniň maglumatlaryny duşenbe güni Ženewada aýan etdi. Topar Siriýadaky konfliktde iki tarapyň hem uruş jenaýatlarynda günäkärdigini öňe sürdi. Şeýle-de bu topar ýagdaýlary Halkara jenaýat suduna geçirmek üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine çagyryş etdi.

Derňew toparynyň bellemegine görä, Siriýada gazaplylyk barha möwjeýär. Bu ýagdaýlar sebäpli BMG-niň derňewçileri adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly ähli ýagdaýlary seljerip bilmändiklerini hem belleýärler.

Derňew toparynyň düzen sanawy gizlinlikde saklanylýar.

Derňew toparynyň başlygy braziliýaly diplomat we professor Paulo Sergio Pinheiro Siriýanyň hökümet güýçleriniň uruş jenaýatlaryny, şol sanda adam öldürmeleri we gynamalary amala aşyrandygyny belledi. Bularyň ählisi hökümetiň görkezmesi bilen edilendigine çalym edýär.

Pinheiro Siriýada yslamçy söweşijileriniň hem bardygyny belläp geçdi. Olaryň käbirleri hökümete garşy göreşýän oppozision toparlara goşulan bolsa, beýlekileri özbaşdak hereket edýär.

Pinheironyň sözlerine görä, söweşijiler gozgalaňçylary has beter radikallaşdyrýarlar.

Bu aralykda, adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rights Watch” guramasy ýaragly oppozisiýa toparlarynyň Aleppo, Latakia we Idlip şäherlerinde tussaglary gynamak ýa-da talaba laýyk derňewsiz öldürmek ýaly çäreleri etmekde aýyplady.

Aktiwistleriň berýän maglumatyna görä, mundan 18 aý ozal prezident Başar al-Assadyň režimine garşy başlanan gozgalaňda, häzire çenli 23 müňe golaý adam öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG