Sepleriň elýeterliligi

Siriýada uruş jenaýatçylyklaryna baş goşmakda şübhelenýänleriň sanawy düzüldi


Birleşen Milletler Guramasynyň ynsan hukuklary boýunça geňeşiniň bellän toparynyň hepdäniň duşenbe güni Ženewada yglan eden netijelerinde, Siriýada gödek hukuk bozmalaryň köpelýändigi aýdyldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşine ýagdaýy halkara jenaýat sudunyň garamagyna tabşyrmak çagyryşy edildi.

Şeýle-de ynsan hukuklary boýunça derňewçiler ýurtda yslamçy söweşijileriň bardygyny, olaryň käbirleriniň hökümete garşy söweşýän toparlara goşulýandygyny, beýlekileriň bolsa özbaşdak hereket edändigini tassykladylar. Toparyň ýolbaşçysy professor Paulo Sergio Pinheýro söweşjeňleriň gozgalaňçylary radikallaşdyrýandyklaryny belledi.

Aktiwistleriň sözlerine görä, prezident Başar al-Assada garşy gozgalaňlar 18 aý mundan ozal başlanaly bäri ýurtda 23 müňe golaý adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG