Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birleşen Ştatlar we Ýaponiýa täze raketa sistemasy barada ylalaşdylar


Birleşen Ştatlaryň Goranmak ministri Leon Panetta, Birleşen Ştatlaryň we Ýaponiýanyň resmileriniň Ýaponiýada raketadan goranmak üçin ikinji sistemany ýerleşdirmek barada ylalaşandyklaryny aýdýar. Sistemanyň ýerleşdiriljek ýeri barada entek habar berilmedi.
Resmiler, radar sistemasynyň regiony Demirgazyk Koreýadan gelýän howpdan goramak maksadyny göz öňünde tutýandygyny we Hytaý bilen baglanyşdyrylmaýandygyny duşenbe güni nygtadylar.

Muňa meňzeş radar sistemasy Birleşen Ştatlaryň Aziýa-Ýuwaş okean regionyndaky gämilerinde bar. Ýaponiýada ýerleşdiriljek sistema regionyň beýleki ýerlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik döreder.
XS
SM
MD
LG