Sepleriň elýeterliligi

Azerbeýjanda söwda merkezinde onlarça adam tüsse tutup zäherlendi


Hepdäniň ýekşenbe güni Bakudaky Bina söwda merkezinde energiýa generatorynyň ýanmagy zerarly 140-dan gowrak adam tüsse tutup keselhana düşdi. Zäherlenen adamlary keselhana eltmek işiniň tiz kömek toparlarynyň 30-dan gowragynyň gatnaşmagyna ýerine ýetirlenligi habar berilýär.

Zäherlenen adamlaryň ählisi, Bakunyň Baş klinika merkezinde medisina kömegi berlensoň keselhanadan goýberilipdir. Azerbeýjanyň Baş prokuraturasy bu waka boýunça derňewleriň başlanandygyny yglan etdi. Bakunyň Garadag böleginde ýerleşýän Bina merkezi şäheriň esasy söwda merkezleriniň biri hasaplanýar.
XS
SM
MD
LG