Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda açyljak täze uniwersitet barada pikirler dürli


Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson (Ç) türkmen studentleri bilen gürleşýär. Aşgabat, 3-nji noýabr, 2010.
Islandiýaly professor Gudmundur Alfredsson (Ç) türkmen studentleri bilen gürleşýär. Aşgabat, 3-nji noýabr, 2010.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabryň 14-nde paýtagtda ýokary bilimli, ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin, dünýä standartlaryna laýyk gelýän, okuw programmalary iňlis dilinde alnyp baryljak ilkinji uniwersiteti gurmagy teklip etdi.

Bu teklip daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň arasynda gyzyklanma döretdi. Olardan käbirleri oňa pozitiw baha berseler, beýlekileri bu barada o diýen optimistik bolmadyk pikirleri orta atdylar.

Ýaşlar üçin uly mümkinçilik

Daşary ýurtlaryň birinde bilim alýan 24 ýaşly Aýgül Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde bu pikiri goldaýandygyny aýtdy.

“Men bu pikiri goldaýaryn. Meniň pikirimçe, bu biziň ýaşlarymyz üçin uly mümkinçilik. Bu ýol bilen biziň ýaşlarymyz ýokary derejede bilim alyp bilerler. Alyş-çalyş programmalary boýunça daşary ýurtlardan biziň ýurdumyza talyplar geler diýip umyt edýärin. Eger-de men orta mekdebi gutaranymda, bu mümkinçilik [bolan] bolsady, men bu mümkinçilikden peýdalanyp, şol uniwersitete okuwa girerdim. Mysal üçin, eger sapaklary iňlis dilinde daşary ýurtly mugallymlar okatsa, onda biziň ýaşlarymyzyň öz ülkämizden daşary ýurda gidip okamaklarynyň geregi ýok” diýip, Aýgül belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, göz öňünde tutulýan täze uniwersitetde okatmagyň gündizki bölümleri bolmaly we ondaky okuwlar tölegli esasda gurnalmaly.

"Tölegli bolsa bolsun"

Ýokary bilim almak üçin okuwyny Gyrgyzystanda dowam etdirýän Aman agzalan teklip barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi:

“Tölegli bolsa bolsun, eger ýokary derejede bolsa, puly tölener, näme üçin tölenmesin? Dünýäniň köp ýurtlaryndaky uniwesitetler, iň gowy uniwersitetler – tölegli uniwersitetler-ä! Meniň pikirmçe, tölegli bolsa, gowy. Okuwçylaram bir zatlar töleseler, gowrak okarlar, sebäbi öz pullaryny töleýärler”.

“Bu uniwersitetiň Türkmenistanyň beýleki uniwersitetlerinden tapawudy bolmaz” diýip, bu ädime şübhe bilen garaýanlaram bar. Ýokary bilimini daşary ýurtda dowam etdirýän Mekan täze dörediljek uniwersitet barada şeýle diýdi:

“Men iňlis dilinde dörediljek uniwersitet gowy pikir diýip hasaplaýan. Ýöne bu uniwersitetiň beýleki uniwersitetlerden tapawudy bolmazmyka diýýän, sebäbi Türkmenistanda, bilşimiz ýaly, pul (para) meselesi bar. Emma geçen ýyllara garanyňda bu ýyl köpräk okuwçy alnypdyr. Şonda-da bu uniwersitetden tama ýokmuka diýýän. Pul, yagny para meselesini aýryp, ikinjiden, öz güýji bilen ekzamenlerden geçen okuwçylar kabul edilse, şonda ýurtda bilim öser. Pul meselesi aýrylmasa, onda onuň beýleki uniwersitetlerden tapawudy bolmazmyka diýýän”.

Türkmenistanyň prezidenti göz öňünde tutulýan bu täze uniwersitete näçe talybyň kabul ediljekdigini aýtmasa-da, wise-premýer S.Toýlyýewe meýilleşdirilýän bu ýokary okuw jaýy bilen baglanyşykly meseleleri takyk öwrenmegi we degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Resmi çeşmelerde beýan edilen habarlardan çen tutulsa, bu plan başa barsa, täze uniwersitetde Halkara ykdysadyýeti, Halkara žurnalistikasy, Halkara hukugy, Menejment ýaly fakultetler dörediler.
XS
SM
MD
LG