Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kast hüjüminiň anti-yslam filmine jogapdygy aýdylýar


Žanyndan geçen bombaçy owgan paýtagty Kabulyň halkara aýeroportunyň golaýynda ulagyny partlatdy.

Owgan polisiýasy bombaçynyň daşary ýurtly awiasiýa işgärlerini alyp barýandyr öýdülen mini awtobusa baryp urandygyny aýdýar. Soňky maglumatlara görä, partlamada 12 adam öldi, olaryň azyndan 7-si daşary ýurtly.

Şeýle-de partlamada ondan gowrak adam ýaraly boldy. Owganystanyň «Hezb-e-Yslamy» topary bu ulag partalamasyna özüniň jogapkärdigini aýdýar. Bu topar hüjümiň Amerikada öndürilen we yslamy masgaralaýar diýip hasaplanan internet wideosyna jogap hökmünde amala aşyrylandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG