Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň wekili Bengazidäki hüjümi oýanmaga çagyryş atlandyrdy


BMG-niň Liwiýadan gaýdýan wekili Ian Martin Bengazidäki amerikan konsulhanasyna edilen ganly hüjüm demirgazyk afrika ýurdunda howpsuzlygy ýokarlandyrmaga çagyryş bolup ýaňlandy diýdi.

Geçen hepde Bengazide bolan hüjümde Amerikanyň Liwiýadaky ilçisi Kristofer Stiwens we ýene üç amerikan öldürildi. Amerikan we liwiýa resmileri bu hüjümiň arkasynda kimleriň durandygyny anyklamaga çalyşýarlar.

Onuň öňünden planlaşdyrylandygy ýa-da Birleşen Ştatlarda öndürilen anti-yslam filme garşy protestlerden uç alandygy entek belli däl.
XS
SM
MD
LG