Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Saud Arabystany regional gepleşikleri baýkot edýär


Regional döwletler Siriýadaky krizisi maslahatlaşmak üçin duşuşdylar. «Kontakt topary» diýilýäne girýän Türkiýe, Saud Arabystany we Müsür prezident Başar al-Assadyň işden çekilmegini talap edýär, Eýran bolsa oňa arka durýar.

Anyk bolmadyk sebäplerä görä, Saud Arabystanynyň daşary işler ministri, şazada Saud al-Faýzal duşenbe güni Kairde geçen maslahata gatnaşmady we onuň ýerine hiç kim iberilmedi.

Müsüriň daşary işler ministri Mohammad Kamel Amr kontakt toparynyň ýene, BMG-niň Baş Assambleýasynda, Nýu-Ýorkda duşuşjagyny aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri Ali Akbar Salehi bu dört döwletiň Siriýada «uly rol» oýnamalydygyny öňe sürdi. Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly «biziň sebitimiziň meselelerine regional eýeçilik zerur» diýdi.
XS
SM
MD
LG