Sepleriň elýeterliligi

Owganystan 8 aýaly öldüren NATO zarbasyny ýazgarýar


Owganystanyň hökümeti duşenbe güni 8 aýaly öldüren we 10 adamy ýaralan NATO zarbasyny ýazgardy.

Prezident Hamid Karzaýyň ýolbaşçylygynda geçirilen hökümet maslahatyndan soň çap edilen beýantada ýekşenbe güni bolan hüžümi «aklap bolmajakdygy», onuň Kabul bilen Waşingtonyň arasyndaky düşünişme jarnamasyny bozýandygy aýdylýar.

Beýanatda Lagman welaýatynyň gubernatorynyň edarasyna salgylanyp, Alingar etrabyna edilen hüjümde öldürilen aýallaryň odun çöpäp ýörendigi aýdylýar.

Halkara howsuzlyk kömek güýçleri bu bolan işi derňemek üçin bir topar ýollaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG