Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Belarus oppozisiýasy saýlawy boýkot etmäge çagyrýar


Belarusyň esasy oppozisiýa partiýalarynyň ikisi ýekşenbe güni geçjek parlament saýlawlaryny boýkot etmäge çagyrýar.

Olar bu saýlawlaryň galpdygyny aýdýarlar we adamlaryň oňa derek balyk tutmaga gitmeginiň ýa-da ene-atalaryny görmäge barmaklarynyň peýdaly boljagyny öňe sürýärler.

Oppozisiýadaky Birleşen raýat bileleşigi we Belarus milli fronty öz kandidatlaryny bäsleşikden çykarýandygyny, sebäbi oppozisiýa aktiwistleri türmede saklanýan wagty demokratiki saýlawyň geçirilip bilinmejegini aýdýarlar.

Adam hukuklary toparlary Belarusda 2010-njy ýylyň dekabrynda geçen prezident sakýlawlaryndan soň türmä basylan adamlardan 15 çemesi syýasy tussagyň henizem türmede oturandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG