Sepleriň elýeterliligi

Orsýet yslama garşy filmi gadagan etmekçi


Ors prokurorlary duşenbe güni özleriniň yslamy masgaralaýan we musulman ýurtlarynda protest döreden filmi gadagan etmekçidiklerini aýtdylar.

Baş prokuroryň edarasy sudlardan bu filmi «ekstremist we dindarlary kemsidiji» kino hökmünde gadagan etmegi sorajagyny aýtdy.

Baş prokuroturanyň sözçüsi Mariýa Gridnewa prokuraturanyň hökümet guramalaryndan metbugata bu filmiň mazmunyny gürrüň bermezlik barada görkezmegi bermegi sorandygyny habar berdi.

Musulman ýurtlarynda bu filme garşy geçirilen protestler mahalynda ondan gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG