Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa Orsýet bilen bergi ylalaşygyna gol çekdi


Demirgazyk Koreýanyň döwlet eýeçiligindäki habar gullugy sişenbe güni Phenýanyň Moskwadan alan karzlary babatda Orsýet bilen bergi ylalaşygyna gol çekilendigini aýtdy. Ýöne bu ylalaşygyň şertleri aýdylmady.

Demirgazyk Koreýa Sowet Soýuzynyň bir müşderisi bolan wagtynda Moskwadan 11 milliard dollar karz alan hasaplanýar.

Metbugat maglumatlaryna görä, bu iki döwlet algy-bergi meselelerini çözmek barada şu ýylyň başynda gepleşik geçirdi.

Ors mediýasy Moskwanyň Demirgazyk Koreýadaky energiýa, saglygy saklaýyş we magaryf pudaklarynda maýa ýatyrmak şerti bilen, algysynyň 90 prosentini geçmäge razy bolandygyny ýazdy.
XS
SM
MD
LG