Sepleriň elýeterliligi

Meksika: ABŞ serhetiniň golaýyndaky türmeden 30 bendi gaçdy


Demirgazyk Meksikada, ABŞ bilen serehete golaý ýerleşýän türmeden 30-dan gowrak tussag gaçdy.

Resmiler tussaglaryň türmäniň aşagyndan gazylan garym arkaly gaçandyklaryny aýdýarlar. Käbir maglumatlarda gaçanlaryň 100 sanydygy aýdylýar, emma bu maglumaty tassyklap bolmaýar.

Birleşen Ştatlaryň häkimiýetleri, serhetden aşan gaçgaklary tutmaga kömek etmekleri üçin, bu wakadan habardar edildi.

2010-njy ýylda hem bu ýurduň serhet ýaka türmesinden 140-dan gowrak tussag gaçypdy.
XS
SM
MD
LG