Sepleriň elýeterliligi

Polşa çeh araklaryny gadagan edýär


Bikanun ýollar bilen getirilen spirtli içgilerden zäherlenýänleriň sany artansoň, Polşa Çehiýadan getirilýän güýçli alkogol içgileriniň satuwyny duruzdy.

Polşanyň baş saglyk inspektory Marek Pozowkiýewiç duşenbe güni Çeh ruspublikasyndan getirilýän içgileriň çakyr bilen piwodan başgasyny satmagyň bir aýlyk gadagan edilendigini tassyk etdi.

Çehiýada zäherli metanol goşulan spirtli içgileri içen adamlaryň 20-si ölüp, onlarçasy hassahana ýerleşdirildi.

Çeh häkimiýetleri anna güni düzüminde 20 prosentden köp alkogol bolan içgileri gadagan etdiler. Polýak metbugaty gaçak ýollar bilen getirilen spirtli içgileri içenleriň azyndan 4-siniň ölendigini aýdýar. Şol dört adamyň azyndan ikisi çeh içgisinden ölendir öýdülýär.
XS
SM
MD
LG