Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz deputaty korrupsiýada aýyplanýar


Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy parlament agzasynyň galplykda we korrupsiýada aýyplanyp tussag edilendigini aýtdy.

Oppozisiýadaky "Ata jurt" paritiýasynyň agzasy Sadyr Japarow duşenbe güni tussag edildi. Ata jurt Japarowyň tussag edilmeginiň syýasy äheňlidigini aýdýar. Resmiler onuň tussag edilmeginiň başga bir deputatyň prokuruturada işleýän oglunyň derňewi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Deputat Maldybekowyň ogly Ýeldar Maldybekow şenbe güni, öňki prezident Bakiýewe degişli emlägi bikan ele geçirmekde güman edilip tussag edildi.
XS
SM
MD
LG