Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara ilçisi Türkiýede siriýaly bosgunlar bilen duşuşdy


BMG bilen Arap Ligasynyň Siriýa krizisi boýunça ilçisi Lakdar Brahimi duşenbe güni Türkiýäniň serhet şäheri Hataýyň golaýyndaky bosgun lagerinde siriýaly bosgunlar bilen duşuşdy.

Bu Brahiminiň BMG-niň ozalky baş sekretary Kofi Annanyň deregine Siriýa krizisi boýuna ilçi bolaly bäri siriýaly bosgunlar bilen ilkinji duşuşygydyr. Altinozu lagerinde 1300 çemesi bosgun bar. Siriýada 18 aýlyk gozgalaňdan bäri bu ýurtdan 250 müň adam gaçyp çykan hasaplanýar.

Brahimi bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýerli resmiler bilen hem duşuşdy. Türkiýe 83 müň çemesi hasaba alnan bosguna howandarlyk edýär.
XS
SM
MD
LG