Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda taksiçilige isleg barka, sürüjiler tapylanok


"Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksomotor kärhanasy işgär tapman kösenýär"

"Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki taksomotor kärhanasy işgär tapman kösenýär"

Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasy indi ep-esli wagtdan bäri höwesli işgär tapyp, işe almak üçin “BC” sürüjilik şahadatnamasy bolan sürüjileri gözleýär. Bu iş orunlary baradaky bildirişler merkezi gazetlerde, şol sanda ”Türkmenistan” gazetinde-de ýzygiderli çap edilýär.

Bu kärhananyň taksi sürüjisiniň aýlyk haky hem ýurtda ykrar edilen ortaça aýlykdan ep-esli ýokary. Emma, muňa garamazdan, işsizligiň möçberi ýokary diýlip hasaplanýan Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki bu taksomotor kärhanasy işgär tapman kösenýär.
Eýsem, onuň sebäbi näme? Bu soraga agzalýan kärhananyň özünden jogap alyp bolmady. Emma raýatlaryň, şol sanda agzalýan kärhanada işleýän taksiçileriň arasynda bu barada dürli garaýyşlar bar.

Näme sebäpden sürüji tapylmaýar?

“Munuň sebäbi sürijilere berilýän planda” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik orta ýaşly aşgabatly taksiçi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi:

"Her smenada 100 manat plan tabşyrmaly. Bu plany bolsa tabşyrmak mümkin däl. Munuň üstesine-de, paýtagtyň daşyna müşderini äkitmek hem gadagan edilen. Şonuň üçin, sçýotçigi işletmän, hususy taksileriň kireý nyrhy boýunça işlemeli bolýar".

Beýleki hususy taksiler bilen deňeşdirilende, bu kärhananyň sürüjilerine döwlet tarapyndan hem dürli amatlyklar döredilen. Meselem, otly wokzalynda, aeroportda, bazarlarda olar üçin ýörite duralgalar bar. Kondisionerler bilen üpjün edilen bu taksilerde müşderi üçin hem ähli amatlyklar bar. Emma, muňa garamazdan, taksiçiler plany dolmakda kynçylyk çekýändiklerini aýdýarlar.

“Biziň kärhanamyzyň taksiçisi 1200 manada golaý aýlyk alýar. Emma tabşyrylmaly planyň ýokary bolmagy işe girjek adamlary bu işden ýüz öwürmäge mejbur edýär. Onsoňam, planyňy tabşyrmasaň, aýlygyňdan tutýarlar – diýip, Aşgabatdaky taksomotor awtoulag kärhanasynyň taksiçisi gürrüň berýär.

Taksiçilerden talap edilýän plan bolsa her smenada 100 manat. Taksiçileriň aýtmaklaryna görä, häzirki şertlerde bu plany dolmak aňsat däl. Şonuň üçin döwlet eýeçiligindäki bu kärhanadaky iş orunlaryna talap gaty az.

Mälim bolşy ýaly, iki ýyl mundan ozal Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasyna ”Hundaý Elantra” kysymly 300 sany täze awtoulaglar satyn alnypdy. Taksiçi bolup işlemäge isleg bildirýänleriň azlygy bolsa, döwlete degişli şol taksileriň uly bir böleginiň ulanylman durmagyna getirýär. Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasynyň ýokary derejeli bir işgäriniň adynyň agzalmazlyk şerti bilen aýtmagyna görä, häzirki döwürde awtoulaglaryň ýarpysyna golaýy işledilmeýär.

Taksi hyzmaty

Bu taksiler diňe paýtagt Aşgabatda işleýärler. Ilkibada paýtagtyň ýaşaýjylary bu taksileriň getirilmegi bilen taksiniň ýol kireýiniň arzanlamagyna getirer diýen umytdadylar.

Şol wagt yglan edilen nyrhlar onuň edil şeýle boljagyny hem görkezýärdi. Sebäbi bu taksileriň müşderileri her bir kilometr ýol üçin 30 teňňe tölemeli diýlipdi. Bu nyrh köplenç halatda häzirki kireý nyrhyndan arzan bolýar.

Emma döwlete degişli “sary taksileriň” bu ýol kireý nyrhy ýöränok. Taksiçiler bu ýagdaýy “plan bar” diýip düşündirýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG