Sepleriň elýeterliligi

Obama amerikanlylary goramakda musulman ýurtlaryny kömege çagyrdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama daşary ýurtda ýaşaýan amerikanlylary goramak üçin musulman ýurtlarynyň has köp hereket etmelidigini aýtdy.

Obama bu barada ABŞ-nyň diplomatik edaralaryna garşy edilen birnäçe hüjümden soň, şol sanda 11-nji sentýabrda Liwiýanyň Bengazi şäherindäki ABŞ-nyň konsullygyna edilen hüjümde Birleşen Ştatlaryň ilçisi we ýene üç sany diplomaty öldürileninden soň amerikan telekanalynda eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň resmileri bidüzgünçilikleriň ýüz bermeginde esasan Yslama garşy internetde ýaýradylan wideo filmiň sebäp bolandygyny aýdýarlar.

Obama bu wideo “ynjydyjy” diýip baha berdi, ýöne onuň büdüzgünçiliklere ýol bermeýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG