Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Brahimi krizisiň ýitileşýändigini aýdýar


Siriýa meselesi boýunça BMG-niň we Arap Ligasynyň ýörite wekili Lakhdar Brahimi Siriýada krizisiň ýitileşýändigini we bidüzgünçilikleriň has giň gerim almagyna howp abanýandygyny aýdýar.

Ol krizisden çykmagyň çözgüdini tapmak üçin ähli taraplaryň bilelikde hereket etmelidigini aýtdy.

Onuň bu barada “Al-Jazeera” telekanalynda eden çykyşyndan öň Brahimi Iordaniýa gaçan bosgunlar bilen Mafrakdaky Zaatari lagerinde duşuşdy.

Lagere barmazyndan bir gün öň Brahimi Arap Ligasynyň başlygy Nabil Elaraby bilen onuň Kairdäki öýünde duşuşdy.

Şenbe güni Brahimi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen hem duşuşdy. Bu onuň Kofi Annanyň ýerine BMG-Arab Ligasynyň wekili hökmünde wezipä girişeninden soň ilkinji duşuşygydyr.
XS
SM
MD
LG