Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Prezident Wladimir Putin Gazagystana sapar edýär


Çarşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana sapary başlanýar.

Ol saparyň dowamynda Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew bilen duşuşýar we regionara hyzmatdaşlyk boýunça Gazagystanyň demirgazyk- gündogaryndaky Pawlodar şäherinde geçýän foruma gatnaşýar.

Orsýetiň habar agentlikleriniň maglumatyna görä, Putiniň Gazagystana sapary wagtynda $1.8 milliard durýan 13 töweregi şertnama gol goýular.

Putin bilen Nazarbaýew iki ýurduň Belorus bilen bilelikdäki gümrük meselesini we beýleki ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG