Sepleriň elýeterliligi

Tähran Ýewropa Bileleşigi bilen ýadro boýunça gepleşikler geçirýär


Eýranyň ýadro gepleşikleri boýunça başlygy Saeed Jalili Tähranyň dawaly ýadro programmasy barada Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça başlygy Katrin Aşton bilen gepleşik geçirdi.

Stambulda sişenbe güni “peýdaly we konstruktiw” geçdi diýlip baha berlen bu gepleşikler iýun aýynda Moskwada geçirilen gepleşikleriň dowamy boldy. Şonda bu mesele boýunça düýpli öňegidişlik gazanylmandy.

Geçen hepdede 35 ýurduň gatnaşmagyndaky BMG-niň ýadro gözegçilik edýän geňeşi halkara talaplary äsgermezlik edýänlikde Eýrany aýyplady.

Halkara jemgyýetçiligi Tähranyň ýadrony baýlaşdyrmak işinini togtatmagyny we atom ýaragyny öndürmekde güman edilýän barlaglaryny bes etmegini talap edýär.

Eýran ýadro ýaragyny gizlinlikde öndürýar diýilýän Günbataryň aýyplamalaryny yzygiderli ret edip gelýär.

Aşton geljek hepdede Nýu Ýorkda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň geçjek wagtynda dünýäniň ösen alty ýurdunyň daşary işler ministrleri bilen duşuşyk geçirmekligi planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG