Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda türmeler boýunça ministr wezipesinden çekilýär


Gürjüstanyň jezalary ýerine ýetirmek, synag we ýuridiki kömek boýunça ministri Hatuna Kalmahelidze şu gün wezipesinden çekildi.

Mundan bir gün öň Gürjüstanyň ýerli oppozisiýa telekanaly 8-nji türmede saklanýan bendileriň güman edilýän gynamalara sezewar edilýän wideo ýazgysyny görkezdi.

Häzirlikçe bu wideo sýužetleriň haçan ýazga geçirilendigi anyklanmady.

Şol bir wagtyň özünde, Gürjüstanyň içeri işler ministrligi bu türmäniň üç işgäriniň tussag edilendigini yglan etdi.

Ýöne Gürjüstanyň häkimiýetleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýazgy gürji oppozisioneri we milliarderi Bidzina Iwanişwili bilen baglanyşygy bolan bendilikde oturan Tamaz Tamazaşwiliniň zakazy boýunça edilipdir.

Tussag edilen türme işgärleriniň biriniň iş otagynda wideo ýazgy edýän enjamlaryň we 17 müň dollar puluň tapylandygyny häkimiýetler aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG