Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: garaşsyzlyga garaşýan türgenleşikler


Bu çäreleriň studentleriň okuwyna, döwlet edaralarynyň bolsa işine täsir ýetirýändigini aýdyp, närazylygyny bildirýän adamlaram bar.

Bu çäreleriň studentleriň okuwyna, döwlet edaralarynyň bolsa işine täsir ýetirýändigini aýdyp, närazylygyny bildirýän adamlaram bar.

Şu günler Türkmenistanda oktýabryň 27-sine bellenýän garaşsyzlygyň 21 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýär. Geçen hepdäniň ahyrynda yglan edilen bir aýlyk ýowarlar bilen bir hatarda, bu baýramçylyk mynasybetli geçiriljek dabaraly ýörişe taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar.

Aşgabatda geçjek bu dabara paýtagtda ýerleşýän döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri, ýokary we orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşarlar. Şeýle-de, käbir harby bölümleriň esgerleri hem paýtagtyň esasy meýdançasyndan dabaraly ýöriş bilen geçerler.

“Marşirowka” borçnamalary

Harbylar bu dabaraly ýörişe eýýäm bir aýdan bäri taýýarlanýarlar. Maglumata görä, bu dabaranyň harby däl gatnaşyjylarynyň hem ýakynda “marşirowka” diýip atlandyrylýan ýörişlere gatnaşyp başlamagyna garaşylýar, olara gatnaşmaly adamlaryň sanawy düzülip başlanypdyr.

“Biziň edaramyzdan marşirowka 60 adam gatnaşmaly edildi, diňe ýaşlar däl, olaryň arasrynda ýaşulularam bar” diýip, döwlet edaralarynyň birinde işleýän 34 ýaşly Eziz aýdýar.

“Marşirowkalar”, adatça, birnäçe sagat dowam edýär. Stadionda geçýän bu çärede nädip ýöremelidigi, haçan ellerini galgatmalydygy ýa-da çapak çalmalydygy ýaly hereketler öwredilýär. “Marşirowka” gatnaşýanlaryň bu hereketleri sinhron ýerine ýetirmekleri üçin ýörite režissýor hem bellenýär.

Munuň üstesine-de, dabaraly ýörişe gatnaşjak adamlara ýörite egin-eşik edinmelidigi barada hem aýdylýar. Käbir ildeşlerimiziň aýtmaklaryna görä, bu egin-eşikleriň bahasy 200 manada golaý.

“Biziň edaramyzda entek nähili egin-eşigiň satyn alynmalydygy barada hiç zat aýdanoklar. Ýöne onuň bahasynyň 200 manada golaý boljakdygyny öňünden aýtdylar” diýip, Eziz gürrüň berýär.

Bir aýdan hem köp wagt galan garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaraly ýörişe taýýarlanmak üçin ýokary okuw jaýlarynyň studentleri hem “marşirowkalara” gatnamaly. “Marşirowkalara” esasan 1-nji we 2-nji kursuň studentleri gatnaýarlar.

Jemgyýetiň işine bökdençlik

Bu çäreleriň studentleriň okuwyna, döwlet edaralarynyň bolsa işine täsir ýetirýändigini aýdyp, närazylygyny bildirýän adamlaram bar. Şeýle pikiri öňe sürýänlerden birem döwlet edarasynyň işgäri, özüni Batyr diýip tanadan bir ildeşimiz.

“Türgenleşikler sebäpli işden soň arkaýyn öýüňe gaýdybam bileňok. Dynç alyp ýa-da öz işiň bilen meşgul bolup bileňok. Üstesine-de, paraddan geçmek üçin egin-eşige çykdajy etmeli bolýar” diýip, döwlet edarasynda işleýän Batyr özara söhbetdeşlikde aýtdy.

Adynyň tutulmazlygyny islän ýokary okuw jaýynyň mugallymy hem “marşirowkalaryň” okuw prosesine zyýan ýetirýändigini aýdýar. Onuň pikiriçe, studentler 5-6 minut döwlet ýolbaşçylarynyň oturýan tribunalarynyň öňünden geçmek üçin, bir aýlaryny biderek geçirýärler.

“Bu türgenleşikleriň köplenç halatda okuwdan soň geçirilýändigine garamazdan, oňa gatnaşýan studentleriň sapaklaryna taýýarlanmaga ýa-da okuwdan soň dynç almaga wagtlary galmaýar. Mundan başga-da, olar beýleki köpçülikleýin çärelere hem gatnaşmaly bolýarlar” diýip, adynyň agzalmagyny islemedik ýokary okuw jaýynyň mugallymy aýtdy.

Ýurtda geçirilýän köp sanly köpçülikleýin çäreler, baýramçylyklar müňlerçe türkmenistanlylaryň işine, okuwyna, şahsy durmuşyna ýaramaz täsir edýär. Emma bu meselede halkyň belli bir gatlagynyň arasynda nägilelikleriň bardygyna garamazdan, bu çäreleriň möçberi we sany o diýen azalyp baranok.
XS
SM
MD
LG