Sepleriň elýeterliligi

Fransuz hepdeligi Muhammet pygamberi ýaňsylaýar


"Charlie Hebdo" žurnalynyň Pariždäki edarasynyň ýerleşýän binasynyň öňünde polisiýa dur. 19-njy sentýabr, 2012.

"Charlie Hebdo" žurnalynyň Pariždäki edarasynyň ýerleşýän binasynyň öňünde polisiýa dur. 19-njy sentýabr, 2012.

Fransiýanyň "Charlie Hebdo" atly satiriki hepdeligi çarşenbe güni Muhammet pygamberi ýaňsa alýan karikaturalaryň bir toplumyny çap etdi.

Fransuz musulmanlarynyň lideri Mohammed Moussaoui “masgaralaýjy” şekiller üçin “çuňňur hopukmasyny” beýan etdi.

Premýer ministr Žan-Mark Aýrolt söz azatlygy prinsipini gorady, emma “öte geçmäni oňlamaýandygyny” aýtdy. Häzir Kairde saparda ýören daşary işler ministri Laurent Fabius bolsa, “häzirki duşmançylykly pursatda prowokasiýalara” garşy durýandygyny aýtdy.

Ätiýaçlyk çäreleri

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi göwnüne deglen musulmanlaryň mümkin bolan zorlukly reaksiýasyndan ahmal galmazlyk üçin, dünýä ýüzündäki diplomatiki töwereklerde howpsuzlyk tagallalaryny ýokarlandyrmagy buýurdy.

Pariž, zorlukly hereketleriň bolmagyndan ätiýaç edip, dünýäniň 20 ýurdunda ilçihanalaryny we diplomatiki mekdeplerini ýapdy.

Gürrüňi edilýän neşiriň jildiniň arka ýüzünde çap edilen karikaturada, žurnalyň içinde ýerleşdirilen beýleki birnäçe suratda bolşy ýaly, pygamber ýalaňaç şekillendirilipdir.

Žurnalyň Pariždäki edaralarynyň töwereginde polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Bu neşiriň internet sahypasyna hakerler tarapyndan hüjüm edildi we ony häzir görüp bolmaýar.

Dünýä ýagdaýy we azatlyklar

"Charliýe Hebdo" žurnalynyň baş redaktory Stefan Çarbonnir karikaturalaryň tankytçylaryny "gülkünç masgarabazlar" atlandyryp, Aýrolty “ruspublikada metbugat azatlygyny goldamazlykda” kötekledi.

"Dünýä ýagdaýy hiç wagt radikal yslama ýa-da umuman dine gülmek üçin amatly bolmaz - diýip, Çarbonnir aýtdy. – Eger biz ýagdaýy nazara alsak, onda biz mundan aňryk hiç zat barada gürrüň edip bilmeris. Satiriki metbugtyň geljegi ýok. Biz gutardyk."

Bu karikaturalaryň çap edilen wagty geçen hepde yslam dünýäsinde Muhammet pygamberi masgaralaýan film sebäpli tutaşan gahar-gazabyň yz ýanyna gabat geldi.

Birleşen Ştatlarda hususy ýagdaýda döredilen film sebäpli bolan pitneçilikli hereketler azyndan 19 adamyň ölümine getirdi.

"Charliýe Hebdo" žurnalynyň Pariždäki edarasy, 2011-nji ýylyň noýabrynda Muhammet pygamberiň başga bir karikaturasyny çap edeninden soň, ot bombasyna duçar bolupdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG