Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa ABŞ-nyň USAID programmasyny ýapýar


Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň USAID edarasyny “grant paýlamak arkaly, Orsýetdäki syýasy proseslere, şol sanda dürli hili saýlawlara we graždan jemgyýeti institutlaryna täsir etmek” synanyşyklarynda aýyplady.
Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň USAID edarasyny “grant paýlamak arkaly, Orsýetdäki syýasy proseslere, şol sanda dürli hili saýlawlara we graždan jemgyýeti institutlaryna täsir etmek” synanyşyklarynda aýyplady.
Çarşenbe güni Orsýetiň hökümeti Birleşen Ştatlaryň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Orsýetdäki bölümlerini bu ýurtdan çykarmakçydygyny mälim etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň USAID edarasyny “grant paýlamak arkaly, Orsýetdäki syýasy proseslere, şol sanda dürli hili saýlawlara we graždan jemgyýeti institutlaryna täsir etmek” synanyşyklarynda aýyplady.

Şeýle hem, Daşary işler ministrligi Moskwanyň yslamçy ekstremistlere garşy göreş alyp barýan regiony bolan Demirgazyk Kawkaz regionynda-da ABŞ-nyň bu edarasynyň alyp barýan işleri bilen baglanyşykly alada bildirýändigini mälim etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç çarşenbe güni bu barada eden çykyşynda ýurduň graždan jemgyýeti özüni “ýeterlik derejede aňly-düşünjeli alyp bardy” we “daşardan ýolbaşçylyk edilmegine zerurlyk duýmady” diýip belledi.

20 ýyl Orsýetde

Bu wakadan bir gün öň, sişenbe güni Birleşen Ştatlaryň resmileri Moskwanyň eýýäm USAID-iň bölümlerini ýapmak barada karara gelendigini mälim etdiler.

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň metbugat sekretary Wiktoriýa Nuland USAID programmasynyň Orsýetde soňky 20 ýylyň içinde bitiren işlerine Waşingtonyň buýsanýandygyny, şol bir wagtyň özünde-de, Orsýetiň “özygtyýarly kararyny” Waşingtonyň kabul edýändigini aýtdy.

“Biziň USAID programmamyz fiziki taýdan Orýetde işlerini bes edýän-de bolsa, biz özümiziň Orsýetdäki demokratiýa, ynsan hukuklaryna we graždan jemgyýetiniň ösüşine ýardam bermek işine ygrarly bolmagymyza galýarys. Biz Orsýetiň hökümetden aýry guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyklary dowam etdirmeklige umyt bildirýäris” diýip, Wiktoriýa Nuland belledi.

Orsýetiň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň agzasy Maýa Grişina USAID programmasynyň Orsýetden gitmeginiň bu ýurtdaky saýlawlaryň hiline ýaramaz täsir etmejekdigini aýtdy. Ol Orsýetiň kanunyna laýyklykda, saýlawlara garaşsyz gözegçilikleriň bolmagyna kepil geçilýändigini we bu işiň geljekde-de şeýle boljakdygyny belledi.

“Uly urgy bolar”

Emma USAID programmasy tarapyndan maliýeleşdirilýän we Orsýetdäki saýlawlara garaşsyz gözegçilik edýän “Golos” topary ABŞ-nyň bu programmasynyň Orsýetden gitmeginiň “Golos” toparynyň geljekki proýektlerine uly urgy boljakdygyny mälim etdi.

“Golos” toparynyň direktory Liliýa Şibanowa USAID programmasynyň bu ýurtda ýatyrylmagynyň belli bir derejede Kremliň saýlaw prosesine kontrollygy ele almak islegleri bilen baglanyşyklydygyny öňe sürdi.

Kremliň tankytçylary USAID programmasyny Orsýetde ýatyrmak barada kabul edilen kararyň prezident Wladimir Putiniň ýolbaşçylygynda başga pikirlilere garşy alnyp barylýan kampaniýanyň bir bölegidigini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG