Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olsen: konsulhana edilen hüjüm "çemeçil terrorçylyk"


ABŞ-nyň Milli kontrterrorizm merkeziniň direktory Matýu Olsen konsulluga edilen hüşümi "opportunistik hüjüm" atlandyrdy.19/09/12.
ABŞ-nyň Milli kontrterrorizm merkeziniň direktory Matýu Olsen konsulluga edilen hüşümi "opportunistik hüjüm" atlandyrdy.19/09/12.
Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli kontrterrorizm resmisiniň aýtmagyna görä, 11-nji sentýabrda Liwiýanyň Bengazi şäherinde Amerikanyň konsullygyna edilen hüjüm "terrorçylykly hüjüm" welin, ýöne onuň öňünden plandaşdyrylan bolmagy ähtimal däl.

Birleşen Ştatlaryň Milli kontrterrorizm merkeziniň direktory Matýu Olsen çarşenbe güni Kongresiň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda bu wakany "birnäçe sagadyň içinde ýaýbaňlanyp güýçlenen opportunistik hüjüm" diýip atlandyrdy:

"Oňat ýaraglanan adamlar, pursatdan peýdalanyp, agşam başlanan wakalary 12-nji sentýabryň ir ertirki sagatlaryna çenli dowam etdirene meňzeýär" diýip, Olsen aýtdy.

"Entek maglumat ýok"

Olseniň bellemegine görä, hüjümiň öňünden planlaşdyrylandygy barada entek subutnama ýok:

"Ýaňy aýdyşym ýaly, biz bu regionlarda oňat ýaraglanan jeňçileriň bardygyny bilýäris. Olar bu ýaraglary saklaýarlar. Ýöne bizde bu hüjümiň öňünden planlaşdyrylandygy ýa koordinirlenendigi barada ýörite gizlin maglumat entek ýok" diýip, amerikan resmisi sözüniň üstüni ýetirdi.

Olsen hüjümçileriň käbiriniň “Al-Kaýda” bilen ilteşiklidigini görkezýän "alamatlaryň" bardygyny ret etmeýär.

"Bu hüjümde dürli elementleriň birnäçesiniň, şol sanda gündogar Liwiýada, aýratyn-da Bengazi etraplarynda giňden ýaýran jeňçi toparlar bilen ilteşikli adamlaryň-da eli bolana meňzeýär – diýip, Olsen aýtdy. - Biz bu hüjüme gatnaşanlaryň “Al-Kaýda” ýa ”Al-Kaýdanyň” aýratyn-da Magrypdaky bölümleri bilen ilteşikli bolmagynyň mümkindigini görkezýän alamatlary-da gözden geçirýäris."

Liwiýaly resmiler başga pikirde

Liwiýanyň resmileri ozal özleriniň, yslamy garalaýan "Musulmanlaryň bigünäligi" atly filme protest bildirmek üçin gurnalan demonstrasiýa dulanyp, jeňçileriň konsullyga hüjüm etmäge öňünden taýýarlan planlaryny amala aşyrandygyna ynanýandyklaryny aýdypdylar.

Hüjümde Amerikanyň Liwiýadaky ilçisi Kris Stiwens we ýene-de üç amerikaly öldürildi.

Öten hepde Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Erik Holder bu hüjüm barada (Federal Derňew Býurosy) FBI-yň derňew işlerine başlandygyny bildirdi. FBI-yň derňewçileriniň 21-nji sentýabrda Bengaza barmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG