Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda prezidentiň baýragy ugrunda halkara ýaryşy başlandy


Penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň baýragyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşy başlandy. Şeýle futbol ýaryşy Türkmenistanda indi sonky 17 ýyl bäri geçirilip gelinýär.

Türkmenistanyň metbugaty şu döwrüň içinde bu baýraga eýe bolmak ugrunda 20 döwletden jemi 80 komandanyň bäsleşendigini habar berýär.

Maglumata gorä, şu geçen 17 ýylyň dowamynda bu baýraga 14 gezek Türkmenistanyň öz komandalary eýe bolupdyr we diňe 3 gezek ony daşary ýurtlaryň komandalary alypdyr. Bu ýylky futbol ýaryşy ilkinji gezek 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň komandalarynyň arasynda geçiriler.

Bu ýaryşa Türkmenistanyň, Orsýetiň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Ukrainanyň we Belarusyň komandalarynyň gatnaşýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG