Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň we Gyrgyzystanyň prezidentleri gepleşik geçirdi


Penşenbe güni Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Gyrgyzystana saparynyň barşynda prezident Almazbek Atambaew bilen gepleşik geçirdi.

Bişkegiň eteginde geçirilen bu gepleşiklerde esasan Orsýetiň bu ýurtdaky harby bazalarynyň möhletini uzaltmak, Gyrgyzystandaky gidro-elektrik stansiýasynyň gurluşygyna Orsýetiň gatnaşmak mümkinçilikleri we Gyrgyzystanyň Orsýete tölemeli bergileri bilen bagly meseleleriň üns merkezinde bolandygy aýdylýar.

Bu gepleşikleriň netijesinde iki ýurdun hyzmatdaşlyklaryna degişli birnäçe möhüm dokumente-de gol çekiljekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG