Sepleriň elýeterliligi

Belarus ÝHHG-niň iki synçysyny bu ýurda goýbermedi


Çarşenbe güni Belarusyň häkimiýetleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň iki sany wekiline wiza bermekden ýüz öwürdiler.

ÝHHG guramasy Ýewropa Geneşiniň Parlament Assambleýasynyň agzalary Marieluis Bek bilen Emanuelis Zingerisiň Belarusdaky parlament saýlawlaryna syň etmek üçin bu ýurda barmak isländiklerini aýdýar.

Maglumata gorä, Belarus ÝHHG-niň bu iki wekiline wiza bermezliginiň sebäbi barada hiç hili düşündiriş bermändir.

Şu geljek dynç alyş güni geçiriljek parlament saýlawlaryny baýkotirlemeklige çagyryş edip protest geçirmäge synanyşan üç sany aktiwist çarşenbe güni Belarusda tussag edildi.
XS
SM
MD
LG