Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Karzaý wideo-konferensiýa arkaly gepleşik geçirdi


Çarşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý wideo-konferensiýa arkaly özara gepleşik geçirdiler.

Bu gepleşikde olar iki ýurduň hyzmatdaşlyklarynyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar.

Gepleşikde Birleşen Ştatlaryň we koalision ýurtlaryň harbylaryna garşy owgan güýçleri tarapyndan edilýän hüjümler bilen baglanyşykly meseleler-de ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň başyndan bäri Owganystanda ýerli harbylaryň we polisiýa işgärleriniň eden hüjümlerinden daşary ýurtly esgerleriň azyndan 51-siniň ölendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG