Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýa özbek raýatlarynyň bank hasaplaryny doňdurdy


Penşenbe güni Şweýsariýanyň Adalat ministrligi Özbegistanyň prezidentine ýakyň adamlardan dördüsine degişli bank hasaplarynyň doňdurylandygyny tassyklady.

Şwesariýanyň Adalat ministrliginiň maglumatyna görä, häzirki wagt şu bank hasaplarynyň üsti bilen amala aşyrylan diýlip güman edilýän pul ýuwuşlyklar boýunça derňew işleri alnyp barylýar.

Şu işler bilen baglanyşykly iki adam şu ýylyň iýulynda Ženewada tussag edilipdi. Olar häzirki wagt tussaglykda saklanýarlar.

Şweýsariýanyň «Blisk» atly gündelik gazeti bu tussag edilenleriň prezident Karimowyň uly gyzy Gulnara Karimowa degişli «Koka-kola Özbegistan» kompaniýasy üçin işländiklerini habar berýär. Emma bu tussag edilenleriň şahsyýetleri barada anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG