Sepleriň elýeterliligi

Çehiýanyň sudy üç sany orsýetlini we bir moldowalyny sud edýär


Çarşenbe güni Çehiýanyň paýtagty Pragada Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regionyndan üç raýata we Moldowanyň bir raýatyna ekstremistik yslam guramasyna dahyllykda bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişigi başlandy.

Mundan daşary, olara dokumentleri galplaşdyrmakda-da jenaýat aýyplamasy bildirilýär.

Çehiýanyň prokuraturasy bu adamlaryň «Djamaat-Şariat» atly ekstremistik dini gurama bilen dahyllydygyny öňe surýärler. Bu gurruňi edilýän gurama Orsýetiň Dagystan respublikasynda we Moskwada amala aşyrylan birnäçe terror hüjümleri bilen baglanyşdyrylýar.

Ýone tussaglykda bu dört raýat özleriniň bu ekstremistik gurama bilen nähilidir bir gatnaşyklarynyň bardygyny ret edýär.
XS
SM
MD
LG