Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar harby gulluga näderejede höwesli?


Türkmenistanda harby gulluga çagyryş,18-nji maý, 2012.

Türkmenistanda harby gulluga çagyryş,18-nji maý, 2012.

Türkmenistanyň prezidenti, şol bir wagtda-da ýurduň ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow 19-njy sentýabrda harby gullugy tamamlan esgerleri boşadyp, esgerleriň täze tapgyryny harby gulluga çagyrmak baradaky permana gol goýdy.

Şol perman esasynda bu işler 2012-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda amala aşyrylmaly.

Türkmenistanyň kanunlaryna görä, ýurtda ýaşy ýeten her bir sagdyn erkek iki ýyl harby goşunda gulluk etmäge borçly. Bu möhlet ýokary bilimli ýigitler üçin bir ýyl diýlip kesgitlenen. Eýsem, harby gulluk barada ýaşlaryň özleri näme pikirde?

Döwran

Özüni Döwran diýip tanadan 24 ýaşly ýigit harby gulluk etmek islemeýänlerden biri. Ol munuň sebäbi barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

“Harby gulluga gitmäge islegim ýok. Sebäbi esgerleri ekin meýdanlarynda işledýärdiler ýa-da bir ýere garawul edip belleýärdiler, etmeli işi etmän, ýagny harby taýýarlyklary geçmegiň deregine şeýle işler bilen meşgullanýardylar. Ondan başga-da, esgerleriň heläk bolýandyklaryny hem eşidýäris. Mysal üçin, garawulçylyk edýän iki esger gyş aýlarynda gijesini beton jaýda geçirmäge mejbur edilensoň, şol gije heläk bolupdyrlar. Şonuň üçin hem enem-atam, tanyşlaryň üsti bilen para berip, meni gullukdan alyp galdylar”.

Azat

Armiýadaky ýagdaýlara nägileligini bildirýän ýaşlardan ýene birem Azat. Ol, goşunda harby türgenleşikleriň geçirilmän, oňa derek esgerleriň işçi güýji hökmünde ulanylýan halatlarynyň hem bolýandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi:

“Mysal üçin, men harby şäherçäniň golaýynda ýaşaýaryn, ol ýerde her gün bolup geçýän zatlary görýärin, esgerler harby türgenleşikleri geçmän, ofiserleriň öýlerinde işläp, olaryň keçesini kakýarlar, köçe süpürmeli bolýarlar. Meniň pikirimçe, harby gulluk ondan ybarat bolamaly däl-de, harby gullugy öwrenmek bolmaly. Şol sebäpden harby gullugy geçesim gelmeýär”.

Maksat

Häzirki döwürde daşary ýurtlaryň birinde ýokary bilim alýan we özüni Maksat diýip tanadan beýleki bir türkmenistanly ýaş ýigit bolsa, “dedowşina” sebäpli, özünde harby gulluga gitmek islegiň ýokdugyny aýtdy.

“Elbetde, gulluk edesim gelýär, erkek üçin bu hökmany borç. Emma erbet tarapy, gulluk etmek üçin şertler ýok, ýagny “dedowşina” bar, ondan başga iýmitleniş we ýatak jaýlary göwnejaý däl. Gulluk däl-de, wagtyňy biderek sarp etmek bolýar, şonuň üçin ýaşlar bolup gulluk etmäge höwes edip duramyzok” diýip, Maksat öz pikirini aýan edýär.

Maksadyň gürrüňini edýän “dedowşinasy”, ýagny milletçilik, tire-taýpaçylyk esasynda harby goşunda ýüze çykýan kemsitmeler barada döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde hiç zat aýdylmaýar. Emma ”Eurasianet.org” internet sahypasynyň maglumatynda şol kemsitmeleriň arasynda dil üsti bilen kemsitmek, ýençmek, hatda jynsy zorluk ýaly wakalaryň hem bardygy aýdylýar. Şeýle wakalaryň kähalatlarda adam ýitgisine getirýändigi hem bellenýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG