Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus iki ýewropaly synça wiza bermekden saklanýar


Prezident Aleksandr Lukaşenka başga pikirdäkileri we garaşsyz mediany basyp ýatyrmak bilen Belarusa 1994-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.
Prezident Aleksandr Lukaşenka başga pikirdäkileri we garaşsyz mediany basyp ýatyrmak bilen Belarusa 1994-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) Belarusda parlament saýlawlaryna gözegçilik edýän iki wekiline wizanyň berilmändigini mälim edýär.

Çarşenbe güni eden beýanatynda ÝHHG Belarusyň hiç hili düşündiriş bermezden Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasynyň iki sany agzasyna, germaniýaly Marieluise Beke we litwaly Emanuelis Zingerise wiza bermekden saklanandygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Belarusyň oppozisiýadaky üç sany aktiwisti 23-nji sentýabrda geçirilmeli parlament saýlawlaryny baýkot etmäge çagyryş edýän ýörüşi gurnamaga synanyşandyklary üçin tussag edildi.

Saýlawlara gözegçilik etmek üçin ÝHHG 300-den gowrak synçyny belledi.

Belarusyň iki esasy oppozisiýa partiýasy ýurtdaky syýasy tussaglar barada we saýlawlarda bolup biljek galplyk boýunça şikaýat etmek bilen, parlament saýlawlaryny baýkot etjekdiklerini şu aýyň başynda mälim etdiler.

Belarusyň “Halk Frontunyň” başlygynyň orunbasary Grigoriý Kostusew öz kandidatlaryny ses berişlikden çykarýandygyny aýtdy.

Belarusyň prezidentligine kandidat bolan oppozisioner Grigoriý Kostusew.
Belarusyň prezidentligine kandidat bolan oppozisioner Grigoriý Kostusew.
“Roýter” habar agentligine ol şeýle diýdi: “Biziň esasy maksadymyz Belarusda hiç hili saýlawlaryň geçirilmeýändigini belorus jemgyýetine, Ýewropadaky jemgyýetçilige we žurnalistlere aýan etmek bolup durýar. Saýlaw kampaniýasy hakyky kampaniýa däl. Bu diňe hiç zady çözmeýän deputatlaryň kanun çykaryjy organa bellenilmegidir”.

Prezident Aleksandr Lukaşenka başga pikirdäkileri we garaşsyz mediany basyp ýatyrmak bilen Belorusa 1994-nji ýyldan bäri baştutanlyk edip gelýär.

2010-njy ýylda Aleksandr Lukaşenka dördünji möhletde prezident bolmaga ygtyýarlyk beren saýlawlardan soň dissidentler basylyp ýatyryldy we Belarus has hem izolýasiýa düşdi.

Şeýle hem, çarşenbe güni Minsk şäheriniň sudy “Hakykaty aýt” atly hereketiň üç sany aktiwistine höküm çykardy. Ýedi, 10 we 12 gün türme tussaglygyna höküm edilenler saýlawlar geçýänçä tussaglykda saklanarlar.

Dördünji aktiwiste 2 million rubl, ýagny $240 töweregi jerime salyndy.

Aktiwistler belarus we halkara žurnalistleri bilen bilelikde sişenbe güni tussag edildi. Žurnalistler häzir boşadyldy.

“Hakykaty aýt” hereketi ýurtdaky sosial problemalary aýan etmeklige çagyryş edýär. Bu hereket oppozisioner hem-de Belarusyň prezidentligine kandidat bolan Wladzimir Nyaklýaeu tarapyndan 2010-njy ýylda döredildi.
XS
SM
MD
LG