Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: oýun ýatyryldy –janköýerler jogapsyz galdy


Ilkinji oýna tomaşa etmek üçin ýüzlerçe adam “Aşgabat” stadionyna baryp, bu ýaryşa tomaşa edip bilmän, yzlaryna dolanmaly boldular. Aşgabat, 20-nji sentýabr, 2012.
Ilkinji oýna tomaşa etmek üçin ýüzlerçe adam “Aşgabat” stadionyna baryp, bu ýaryşa tomaşa edip bilmän, yzlaryna dolanmaly boldular. Aşgabat, 20-nji sentýabr, 2012.
Türkmenistanyň habar serişdeleri penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşynyň başlanýandygyny habar berdiler.

Bu ýylky futbol ýaryşynyň ilkinji gezek 17 ýaşa şenli ýetginjekleriň arasynda geçiriljekdigi habar berilýär.

Metbugatda çap edilen şol resmi maglumata görä, ilkinji ýaryş penşenbe güni 15:00-da Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň komandalarynyň oýny bilen başlanmalydy. Emma näbelli sebäplere görä bu ilkinji oýun ýatyryldy.

Düşündiriş hem berilmedi

Oýna tomaşa etmek üçin ýüzlerçe adam “Aşgabat” stadionyna baryp, garaşylan ýaryşa tomaşa edip bilmän, yzlaryna dolanmaly boldular.

Türkmenistanyň metbugaty ilkinji ýaryşyň penşenbe güni 15:00-da başlanjakdygyny habar berdi.
Türkmenistanyň metbugaty ilkinji ýaryşyň penşenbe güni 15:00-da başlanjakdygyny habar berdi.
Ýaryşlar geçirilmeli edilen stadionda diňe repetesiýa geçirilip, ilkinji oýnuň näme üçin geçirilmänligi barada halk köpçüligine düşündiriş hem berilmedi.

Resmi metbugatda habar berilişi ýaly, bu ýaryşa GDA döwletlerinden 9 sany ýetginjekler ýygyndy komandalary gatnaşmaly. Bu ýaryşlaryň ilkinji oýunlary-da pernşenbe güni Aşgabadyň “Aşgabat” we “Köpetdag” stadionlarynda başlanmalydy.

Emma “Aşgabat” stadionynda sagat 15:00-a planlaşdyrylan duşuşyk geçmedi. Onuň ýerine bu ýaryşyň açylyş dabarasyna taýýarlyk repetisiýasy geçirildi. Bu repetisiýa gatnaşýanlaryň aýtmaklaryna görä, birnäçe gün bäri bu repetisiýalar dowam edýär.

17 ýylda 14 ýeňiş

Aýdylyşyna görä, bu ýaryşyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidenti hem gatnaşmaly. Şonuň üçin, häzir bu ýaryşyň açylyş dabarsyna taýýarlyk repetisiýalary bilen bir hatarda Aşgabat stadionynyň daş-töweregini arassalaýyş işleri hem geçirilýär.

Oýnuň geçirilmeli stadionynda diňe repetesiýa geçirilip, oýnuň näme üçin ýatyrylandygy barada tomaşaçylara düşündiriş hem berilmedi. 20-nji sentýabr, 2012.
Oýnuň geçirilmeli stadionynda diňe repetesiýa geçirilip, oýnuň näme üçin ýatyrylandygy barada tomaşaçylara düşündiriş hem berilmedi. 20-nji sentýabr, 2012.
Halkara ýaryşynyň bu stadionda geçiriljek duşuşygynyň bolmaly wagtynda geçirilmezliginiň sebäbini anyklap bolmady, emma ýaryşa tomaşa etmäge baran adamlaryň käbirleri onuň anna güni bolmagynyň mümkindigini aýtdylar.

Türkmen prezidentiniň kubogy ugrundaky şeýle futbol ýaryşy Türkmenistanda indi soňky 17 ýyl bäri geçirilip gelinýär.

Maglumata görä, şu geçen 17 ýylyň dowamynda bu baýraga 14 gezek Türkmenistanyň öz komandalary eýe bolupdyr we diňe 3 gezek ony daşary ýurtlaryň komandalary alypdyr.
XS
SM
MD
LG