Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Halkara ösüş programmasyny ýapmak üçin wagt soraýar


Birleşen Ştatlaryň Halkara Ösüş Agentliginiň (USAID) Orsýetdäki programmalaryny togtatmak üçin ABŞ Orsýetden goşmaça wagtyň berilmegini soraýar.

Orsýetiň häkimiýetleri Birleşen Ştatlaryň USAID edarasynyň Orsýetde ýapylmagy üçin 1-nji oktýabra çenli wagt berdi.

Orsýet bu agentligi “grant paýlamak arkaly, Orsýetdäki syýasy proseslere, şol sanda dürli hili saýlawlara we graždan jemgyýeti institutlaryna täsir etmek” synanyşyklarynda aýyplady.

Penşenbe güni Döwlet departamenitiniň sözçüsi Wiktoriýa Nuland 1-nji oktýabrdan soň hiç hili täze şertnamalaryň we programmalaryň bolmajakdygy barada Orsýete söz berdi, ýöne bu missiýany togtatmak we ozalky hereket edýän programmalry soňlamak üçin goşmaça wagtyň berilmegini sorady.

Moskwa USAID-iň programmalaryny togtatmak barada ozalky beren kararynyň güýjünde galmalydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG