Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk geňeşinde Eýran berk tankytlanylýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşindäki günbatarly agzalar Siriýa ýarag ugradýanlykda Eýrany aýypladylar.

Howpsuzlyk geňeşiň penşenbe güni geçiren maslahatynda ABŞ, Britaniýa, Fransiýa we Germaniýa prezident Başar-al Assadyň režimine Tähranyň ýarag ugradýandygyny aýdyp, bu barada çuňňur alada bildirdiler.

Olar Eýranyň bu hereketiniň ähli görnüşli ýaragy eksport etmäge BMG-niň gadagançylygyna ters gelýandigini bellediler.

Günbatar döwletleriniň ilçileri Eýranyň esasy ýadro desgalaryna synçylaryň baryp görmegine rugsat bermek baradaky BMG-niň talaplaryny äsgermeýändigi we Tähranyň ýadro arsenalyny döretmekligi maksat edinýändigi sebäpli hem Eýrany tankytladylar.
XS
SM
MD
LG