Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Benzin stansiýasyndaky partlamada onlarça adam öldi


Siriýanyň oppozisiýadaky aktiwistleriniň aýtmaklaryna görä, bir harby uçary tarapyndan ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky benzin stansiýasyna edilen hüjümde azyndan 30 adam ölüpdir.

Ein Issa obasynyň golaýynda ýerleşýän benzin stansiýasyna oklanan bir barrel jisim uly partlama we ýangyn emele getirdi diýip aktiwistler aýdýarlar.

Bu oba Türkiýe bilen serhediň Tal al-Abýad geçelgesinden 32 kilometr töweregi uzaklykda ýerleşýär. Bu geçelge çarşenbe güni “Siriýanyň azat armiýasy” tarapyndan basylyp alnypdyr.

Bu ýerde hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda penşenbe güni howpsuzlyk binalaryna kontrollyk etmek ugrunda agyr söweşler dowam etdi.
Bu geçelge Rakka bilen Türkiýäniň Sanliurfa şäheriniň arasyndaky uly ýoluň ugrunda ýerleşýär.
XS
SM
MD
LG