Sepleriň elýeterliligi

Gazagystanda güman edilýän dört terrorçy öldürildi


Anna güni Gazagystanyň günbataryndaky Atyrau şäherinde howpsuzlyk güýçleri we polisiýa tarapyndan geçirilen ýörite operasiýasynda güman edilýän dört terrorçy öldürildi.
Gazagystanyň prokuraturasynyň maglumatyna görä, öldürilen bu dört adam Atyrauda geçen hepdede polisiýa garşy hüjüme gatnaşanlykda güman edilýär.

Operasiýa wagtynda bu dörtlügiň garşylyk görkezip, polisiýa we howpsuzlyk güýçlerine garşy ot açandyklaryny resmiler aýdýarlar.

Güman edilýän terrorçylaryň gizlenen jaýynda ýaragyň, partladyjy enjamlaryň tapylandygy aýdylýar.

Terrora garşy bu ýörüte operasiýa geçen hepdede Atyrau şäherinde polisiýa uçastogynyň golaýynda ýüz beren partlamadan we ýaragly çaknyşykdan soň geçirildi.
XS
SM
MD
LG