Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky protestlerde iki adamyň ölendigi aýdylýar


Muhammet pygambere dil ýetirýän ABŞ-da döredilen filme we Fransuz žurnalynda çap edilen karikatura garşy Pakistanyň Peşawar sebitinde protestler möwç aldy. Protestlerde iki adamyň öldürilendigi habar berilýär.

Peşawaryň polisiýasy protestçilere garşy ok atyp, kamera surata düşürýän Pakistanyň telewideniýesine degişli korrespondenti öldürdi.

Peşawarda protestçiler bilen bolan başga bir çaknyşykda kinoteatryň sakçysynyň atan okundan bir adamyň ýaralanandygy aýdylýar. Protest ýörüşine gatnaşyjylar Peşawaryň iki kinoteatryny we Kommersiýa edarasyny otladylar.

Yslamabadyň golaýyndaky Rawalpindi şäherinde hem protestçiler ulaglara we polisiýa garşy daş böleklerini zyňyp, binalary otladylar.
XS
SM
MD
LG