Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstanyň içeri işler ministri wezipesinden çekildi


Gürjüstanyň içeri işler ministri türmedäki bendileriň gynalyşyny görkezýän wideonyň ýaýradylmagy bilen dörän dawa bilen baglylykda wezipesinden çekildi.

Baço Akalaia Gürjüstanyň türmelerinde gynamalary ýok etmek boýunça işdäki şowsuzlyk zerarly “moral we syýsay jogapkärçiligi” duýýandygyny aýtdy.

Içeri işler boýunça ministrligiň websaýtynda türmedäki gynamalary suratlandyrýan wideo ýazgylaryň bölegi ýerleşdirileninden soň Tbilisi we ýurduň beýleki şäherlerinde protest aksiýalary geçirilip, Akalaianyň wezipesinden çekilmegini talap etdiler.

Gürjüstanyň içeri işler ministriniň orunbasary Eka Sguladze (red.: zenan) wagtlaýynça ministriň wezipesine, ýurduň hukuk goraýjy ombudsmany bolsa çarşenbe güni wezipersinden giden türmeler boýunça ministriň wezipesine bellenildi.
XS
SM
MD
LG