Sepleriň elýeterliligi

Çehiýa agyr likýor içgileriniň eksportyna gadaganlyk girizdi


Çehiýa Respublikasynyň hökümeti Brüsseliň talabyna laýyklykda, agyr likýor içgileriniň eksportyna gadaganlyk girizdi. Bu karar ýurtda ýasama alkogol içgilerinden birnäçe adamyň ölmegi sebäpli kabul edildi.

Saglygy saklaýyş ministri Leos Heger penşenbe güni eden çykyşynda bu gadaganlygyň dessine güýje girýändigini we 20 prosentden ýokary bolan ähli alkogol içgilerine degişlidigini aýtdy.

Metanol goşulyp ýasalan alkogol içgilerinden 23 adam öleninden we 30 adam keselhana ýerleşdirileninden soň geçen hepdäniň anna güni Çehiýanyň hökümeti ýurtda likýor satmaklyga gadaganlyk girizdi.

Praganyň resmileri täze barlaglar geçirileninden soň agyr likýor içgisiniň satuwy geljek hepdäniň ahyrynda ýola goýulmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG