Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Telekanallarda ABŞ-nyň “köşeşdiriji” reklamalary berilýär


ABŞ-da döredilen filme garşy Yslamabatda geçirilen demonstrasiýada protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar. 20-nji sentýabr, 2012.

ABŞ-da döredilen filme garşy Yslamabatda geçirilen demonstrasiýada protestçiler polisiýa güýçleri bilen çaknyşdylar. 20-nji sentýabr, 2012.

Muhammet pygamber barada ABŞ-da döredilen film bilen baglanyşykly gahar-gazaplaryň artýan bir wagtynda Pakistanyň telekanallary ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň we Döwlet sekretary Hillari Klintonyň bu filmi ýazgarýan wideo kliplerini görkezip başladylar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti 30 sekuntlyk ýörite wideo klipiň Yslamabatdaky Amerikan ilçihanasy tarapyndan jemgyýetçilik reklamasy hökmünde döredilendigini mälim etdi.

Bu wideo reklamanyň maksadynyň diňe bir Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň “Musulmanlaryň bigünäligi” atly bu filme hiç hili dahylynyň ýokdugyny görkezmek bilen hem çäklenmän, eýsem zorlukly çäreleriň-de hiç haçan aklanyp bilinmejekdigini görkezmekden ybaratdygy aýdylýar.

70 müň dollarlyk reklama

Barak Obama bilen Hillari Klintonyň bu wideo reklamada edýän çykyşlary subtitrde urdu diline terjime edilipdir.

Birleşen Ştatlaryň Yslamabatdaky ilçihanasy bu reklamanyň Pakistanyň ýedi sany telekanalynda yzygiderli görkezilmegi üçin 70 müň dollar töweregi çykdajy edilendigini aýdýar.

“Musulmanlaryň bigünäligi” atly filme garşy musulman ýurtlarynda dowam edýän protestleriň we bulagaýçylyklaryň barşynda şu günki güne çenli azyndan 19 adam öldi. Şu hepdäniň çarşenbe güni Fransiýanyň bir žurnalynda Muhammet pygamberi masgaralaýjy karikaturanyň çap edilmegi bolsa, bu ýagdaýlary has-da dartgynlaşdyrdy.

Hepdäniň penşenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabatda 2 müňe golaý adam bu gürrüňi edilýän filmi ýazgaryp, daşary ýurt diplomatik edaralarynyň ýerleşýän kwartalynda demonstrasiýa ýygnandy. Bu wakada polisiýa güýçleri bilen protestçileriň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy we birnäçe adam ýaralandy.

Protestler giň gerim aldy

Şol gün ýurduň Peşawar şäherinde-de ýerli telekeçiler Amerikan baýdagyny we prezident Obamanyň suratyny ýakyp, öz gahar-gazaplaryny bildirdiler. Şuňa meňzeş protestler Pakistanyň Lahor, Çaman we Karaçi şäherlerinde-de gurnaldy.

Peşawar şäheriniň ýerli telekeçiler birleşiginiň prezidenti Halil Khan bu film baradaky garaýyşlaryny şeýle beýan etdi: “Yslam ýurtlary Amerika bilen diplomatik gatnaşyklaryny togtatmaly. Filmi dörediji režissýora bolsa ölüm jezasy berilmeli. Bize özümiziň Muhammet pygamberimiz ýaly derejede eziz adam ýokdur”.

Pakistanyň hökümeti ýurduň dürli künjeklerinde adamlaryň parahat ýöriş geçirip bilmeklerine mümkinçilik bermek maksady bilen şu hepdäniň anna gününi tutuş ýurt boýunça dynç alyş güni diýip yglan etdi.

Bu wakalaryň fonunda penşenbe güni Eýranyň paýtagty Tährandaky fransuz ilçihanasynyň öňünde studentleriň we dindarlaryň ýüzlerçesi demonstrasiýa geçirip, “Fransiýa ölüm!”, “Amerika ölüm!” diýen ýaly şygarlary gygyryşdylar hem-de Fransiýanyň we Birleşen Ştatlaryň baýdaklaryny ýakdylar.

Şeýle demonstrasiýalar penşenbe güni Owganystanyň paýtagty Kabulda-da gurnaldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG