Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ABŞ ýardam beriji güýçlerini Owganystandan çykardy


ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta amerikan harbylary bilen gepleşýär, Kabul

ABŞ-nyň goranmak ministri Leon Panetta amerikan harbylary bilen gepleşýär, Kabul

Birleşen Ştatlar 33 müň adamdan ybarat goşunyny Owganystandan çykarmak işini tamamlanlygyny yglan etdi. Barak Obama üç ýyl mundan ozal bu harbylary Owganystana ýardam bermek üçin iberipdi.

Goranmak ministri Leon Panettanyň beýannamasynda aýdylyşyna görä, bu goşun söweş meýdanlarynda Talybanyň basyşlaryny gowşatmak we Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň sanyny hem ukybyny artdyrmak ýaly maksatlara ýetipdir.

“Biz Al-Kaýdanyň liderlerine ägirt uly zarba urduk, munuň bilen bilelikde Al-Kaýdany dargatmak, ony ýok etmek we oňa şek ýetirip bolmajagy baradaky pikirleri inkär etmek boýunça işleri alyp bardyk”, diýip Leon Panetta belledi.

Panetta muny möhüm tapgyr atlandyryp, Birleşen Ştatlaryň Owganystanda öz maksatlaryna tarap barýanlygyny belledi.

Goşun çykarmak

Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky güýçleriniň sany geçen ýylda 101 müň adama ýetipdi, owgan güýçleri howpsuzlyk boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alaly bäri, amerikan harbylarynyň Owganystandaky sany soňky aýlaryň dowamynda ýuwaş-ýuwaşdan azalyp başlady. NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara güýçleriniň 2014-nji ýylda Owganystandan doly çykarylmagy planlaşdyrylýar.

Birleşen Ştatlaryň ýardam beriji güýçleriniň Owganystandan çykarylmagyndan soň, ýurtda Birleşen Ştatlaryň ýene 68 müň esgeri galýar. NATO-nyň koalisiýa güýçleriniň beýleki ýurtlardan bolan harbylarynyň sany 40 müň adamdan ybarat.

Owgan güýçleriniň howpsuzlyk boýunça jogapkärçiligi öz üstüne almagyndan soň ýurtda “içerki hüjümleriň” sanynyň köpelmegi netijesinde Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky harbylarynyň sany mundan üç ýyl ozalky derejesine ýetirilipdi.

Geçen ýylda Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň günbatarly ýaranlaryna garşy ýarag götermekleri bilen bagly wakalarda azyndan 51 daşary ýurtly wepat boldy.
Birleşen Ştatlaryň generaly Martin Dempseý “içerki” hüjümleri uruş kampaniýasy üçin “örän uly howp” atlandyrdy we “ýagdaýyň üýtgedilmelidigini” aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň goranmak ministri Leon Panetta bu hüjümleri gozgalaňlaryň soňky demi, diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG