Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan Hazar baradaky maglumatlardan nägile


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýannamasynda soňky döwürde Orsyýetiň habar beriş serişdelerinde Hazarda “krizis ýagdaýynyň döremegi ähtimal”, diýip “çakdanaşa çişirilen” maglumatlaryň berlenligi aýdyldy.

Beýannamada Orsyýetiň “REGNUM” habar agentliginiň “Hazardaky halkara hyzmatdaşlygynyň paradigma-nusgasy” atly konferensiýada çykyş eden orsýetli bilermeniň sözünden getiren sitatasyna üns berilýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasynyň işçi geňeşiniň guramaçylygynda Gazagystanyň hökümetiniň goldawy bilen Aktau şäherinde ýakynda geçirilen bu konferensiýada energetika, ekologiýa, modernleşdiriş we howpsuzlyk meseleleri maslahat edildi.

Tankyt we onuň sebäpleri

Bu konferensiýada Orsýetiň ylymlar akademiýasynyň Merkezi Aziýany we Kawkazy öwrenmek boýunça merkezinden Stanislaw Pritçiniň türkmen-azeri gatnaşyklaryny negatiw tarapdan görkezmäge çalyşandygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda bellenýär.

“Munuň bilen baglylykda türkmen tarapy bu çykyşda Hazarda Türkmenistan we Azerbeýjan arasyndaky işleriň ýagdaýy barada aýdylanlar hakykata gabat gelmeýär, diýip hasap edýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk bir-birine hormat goýmagyň we konstruktiw dialogyň esasynda ösýär”, diýip Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýannamasynda aýdylýar.

Stanislaw Pritçiniň “REGNUM” agentliginiň Internet saýtynda 13-nji sentýabarda çap edilen çykyşynda, orsýetli bilermen hususan-da, Hazar deňziniň statusyny kegsitlemekde deňiz ýaka döwletleriň arasynda gepleşikler prosessinde öňegidişligiň ýokdugyny belläp, azeri-türkmen gatnaşyklarynyň gepleşikler prosessine päsgelçilik berýän faktorlaryň biridigini aýdýar.

Daşary işler ministrligi öz beýannamasynda, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça gepleşikler prosessine aktiw gatnaşýanlygyny bellemek bilen, ýurduň ähli meseleleri diňe kanunyň çäginde we diplomatik usullar arkaly çözmegiň tarapdarydygyny aýdýar.

Resmi reaksiýa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň habar beriş serişdelerinde çap bolýan maglumatlara nägile bolup, öňem ençeme sapar resmi beýannama ýaýradypdy.

Soňky bir ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat üçin ýaýradan resmi beýannamalarynda, orsýetli habar beriş serişdelerinde hususan-da goşa raýatlyk problemasy, Türkmenistanyň energiýa syýasaty we ýurduň gaz zapaslary barada çap edilen käbir tankydy maglumatlara nägilelik bildiripdi.

Şonda Türkmenistan orsyýet habar beriş serişdelerinde çap edilen maglumatlary “obýektiw bolmadyk baha bermek”, “boş aýyplamak” we “hakyky ýagdaýy ýoýup görkezmek” boýunça synanyşyk atlandyrypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG