Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistan: Futbol ýaryşyna taýýarlyklaryň geň-taňlyklary


20 müň tomaşaçy üçin niýetlenen “Aşgabat” stadionynyň tribunalaryny dolduryp oturan studentler we edara işgärleri ýörite "režissýoryň" görkezmesi boýunça hereket edýärler. Aşgabat, 20-nji sentýabr, 2012.

20 müň tomaşaçy üçin niýetlenen “Aşgabat” stadionynyň tribunalaryny dolduryp oturan studentler we edara işgärleri ýörite "režissýoryň" görkezmesi boýunça hereket edýärler. Aşgabat, 20-nji sentýabr, 2012.

“Aşgabat” stadionynda Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrunda 20-nji sentýabrda geçirilmeli halkara futbol ýaryşynyň deregine repetisiýalar geçirildi.

Stadiondaky bu repetisiýa esasan ýokary okuw jaýlarynyň studentleri, hökümet edaralarynyň işgärleri we mugallymlar gatnaşdylar.

Görkezme boýunça sport egin-eşiginde gelen studentleriň arkalarynda olaryň okuw jaýlarynyň abbrewiaturalaryny görkezýän ýazylardan çen tutsaň, bu repetisiýada Aşgabatdaky ähli ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň wekilleri bardy. Repetisiýa gelen studentleriň ählisi diýen ýaly stadiona Türkmenistanyň baýdagyny göterip gelipdiler.

Janköýerleriň “režissýory”

20 müň tomaşaçy üçin niýetlenen “Aşgabat” stadionynyň tribunalaryny dolduryp oturan studentler halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasynda hem-de şol gün geçiriljek oýunda tomaşaçylaryň roluny oýnamalydylar. Olaryň bu rola ýokary derejede taýýar bolmaklary üçin ýörite režissýor sapak geçýärdi.

Bu halkara ýaryşynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň prezidentiniň hem gatnaşmagyna garaşylýardy. Şonuň üçin, çäräniň režissýory prezident stadionda peýda bolanda, ýörite şygar bilen garşylanmalydygyny studentlere aýdýardy.


Futbol meýdançasyna çykjak komandalar hem şowhunly çapak çalmak bilen garşylanmalydy. Režissýoryň aýtmagyna görä, haçan-da bir komanda gol geçirse, janköýerlik edýän studentler, beýleki ýurtlarda adat bolşy ýaly, “gol” diýip gygyrmaly däl-de, "utuk" diýip gygyrmalydylar.

Režissýoryň aýdanlaryndan çen tutulsa, oýun gyzgalaňly ýagdaýda geçýän bolsa, student tomaşaçylar “futbol” diýip gygyrmalydy. Emma, stadionda sygyrmaklygyň gadagandygyny režissýor bu student “futbol janköýerlerine” duýdurýardy. Bu repetisiýada futbol janköýerleriniň arasynda meşhur bolan şowhun tolkunyny hem turuzmak öwredildi.

20-nji sentýabrda geçen repetisiýa ýurtda geçýän ýokary derejedäki, ýagny ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilýän köpçülikleýin çärelere mahsus ýagdaýdy. Bu hili repetisiýalar geçiriljek çäräniň birnäçe gün öňünden başlanýar.

Okuwlaryň ýerine repetisiýalar

“Aşgabat” stadionynda geçen repetisiýa gatnaşýan studentleriň aýtmaklaryna görä, repetisiýa eýýäm birnäçe gün bäri geçirilýän eken. Özüni Alty diýip tanadan studentiň aýtmagyna görä, bu repetisiýalar Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän köpsanly köpçülikleýin çäreler bilen utgaşyp gitmeli. Bu ýagdaý Alty ýaly käbir beýleki raýatlaryň hem lapyny keç edýär.

“Her gün çäre ýa-da şuňa meňzeş repetisiýalar. Okamaga wagt ýok. Çärelerden ýüz öwürseňem, käýinç berip, okuwdan çykarjak bolýarlar” diýip, Alty gürrüň berýär.

Bu ýagdaýdan käbir mugallymlar hem razy däl. Olaryň aýtmaklaryna görä, olar hem öz studentleri ýaly, deň derejede, köpçülikleýin çärelere gatnaşyp, studentlerine gözegçilik etmeli bolýarlar. Bu çäreler mugallymçylyk kärine dahylly bolmasa-da, olar et diýlen zatlary etmeli, geý diýlen zatlary geýmeli bolýarlar.

“Studentleri getirmeli. Olary tribunalary doldurar ýaly oturtmaly. Bellige almaly. Soň baýdaklary paýlap bermeli. Munuň üstesine-de, olaryň her bir eden ýalňyş hereketleri üçin jogap bermeli” diýip, öz adynyň tutulmazlygyny islän bir ýokary okuw jaýynyň mugallymy aýtdy.

20-nji sentýabrda geçen repetisiýa gatnaşan studentleriň sanyndan çen tutsaň, Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky açyk halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna hem-de şol gün geçiriljek oýna öz islegleri bilen tomaşa etmäge barjak futbol janköýerleri üçin stadionda oturmaga ýer bolmaz. Olaryň orunlaryny studentleriň hasabyna emeli döredilýän “janköýerler” tutar.

Ýeri gelende ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky şeýle futbol ýaryşy Türkmenistanda indi soňky 17 ýyl bäri geçirilip gelinýär. Resmi maglumatlara görä, şu geçen 17 ýylyň dowamynda bu baýraga 14 gezek Türkmenistanyň öz komandalary eýe bolupdyr we diňe 3 gezek ony daşary ýurtlaryň komandalary alypdyrlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG