Sepleriň elýeterliligi

Dabaraly açylyşyň soňy ýeňiş bilen alamatlandy


Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky bu halkara futbol ýaryşynyň umumy baýrak fondy 35 müň dollardan ybarat. Şol pul baýragynyň 20 müň dollary ýaryşyň ýeňijisine berler.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky bu halkara futbol ýaryşynyň umumy baýrak fondy 35 müň dollardan ybarat. Şol pul baýragynyň 20 müň dollary ýaryşyň ýeňijisine berler.

Anna güni, 21-nji sentýabrda Aşgabadyň “Aşgabat” stadionynda prezidentiň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu dabara Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylary we Aşgabadyň şäher häkimi bilen birlikde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Stadionda prezidenti gutladylar

Şol gün, bu wakanyň öňýany Fudokan-Şotokan karate-do boýunça Dünýä federasiýasynyň ýerine ýetiriji başlygy Iliýa Ýorga “sporty ösdürmeklige goşýan goşantlary üçin” prezident G.Berdimuhamedowa karateniň we dzýudonyň iň ýokary ussatlyk derejesi bolan 10-njy danyň ýörite diplomyny gowşurdy.

Futbol ýaryşynyň açylyş dabarasyna baran ýokary derejeli çinownikler türkmen prezidentini bu hormatly sport derejesiniň gowşurylmagy bilen gutladylar.

Prezidentiň kubogyny almak boýunça Türkmenistanda soňky 17 ýyl bäri geçirilýän halkara ýaryşy bu ýyl ilkinji gekzek 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýär.

Anna güni halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasynda sportsmenleriň dürli toparlary tomaşaçylaryň öňünde karate, taekwondo, erkin göreş, dzýudo, futbol, basketbol, woleýbol, gandbol, akrobatika, çeper gimnastika, ýeňil atletika, welosport, rolikde typmak, milli göreş we ýaglyga towusmak ýaly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýörite programmalar bilen çykyş etdiler.

Türkmen komandasynyň “ilkinji sowgady”

Ýaryşyň açylyş dabarasyndan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň futbol komandalarynyň özara oýny geçirildi. Türkmen futbolçylarynyň has ökde oýun görkezmekleri bilen geçen bu bäsleşik 5:0 hasap bilen türkmenistanly ýaş futbolçylaryň hasabyna tamamlandy.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri “Aşgabat” stadionynda geçirilen anna günki oýnuň bu futbol ýaryşynyň çäklerinde şu stadionda geçirilen ilkinji oýun bolandygyny habar berýärler.

Emma futbol ýaryşynyň ozalbaşky çap edilen resmi tertibine görä, şu “Aşgabat” stadionynda 20-nji sentýabrda Ermenistanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem Orsýetiň we Gazagystanyň komandalary oýnamalydy. Ýöne bu oýunlar şol gün “Aşgabat” stadionynda däl-de, başga stadionlarda geçirildi. Maglumata görä, ilkinji oýunlaryň bu stadionda geçirilmezliginiň sebäpleri barada ilata anyk düşündiriş hem berilmändir.

Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky bu halkara futbol ýaryşynyň umumy baýrak fondy 35 müň dollardan ybarat. Şol pul baýragynyň 20 müň dollary ýaryşyň ýeňijisine berler. Ýaryşda ikinji ýeri alan komanda 10 müň dollar, üçünji ýeri alan komanda bolsa 5 müň dollar pul baýragy gowşurylar.

Bu ýylky ýaryşda Türkmenistanyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýetginjekler komandalary özara bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG