Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Saýlawlardan öň saýlawçylaryň 20 prosenti ses berdi


Şenbe güni Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň resmileri ýekşenbe güni geçiriljek parlament saýlawlaryndan öňinçä eýýäm ses bermäge hukukly raýatlaryň 20 prosente golaýynyň öz seslerini berendiklerini mälim etdiler.

Belarusyň oppozisiýasy ses berişlikleriň saýlawlaryň geçirilmeli gününden ir geçirilip başlanmagynyň bu saýlawlary galplaşdyrmak üçin ulanylýan bir usuldygyny aýdyp, muny tankyt edýärler.

Geçen ýekşenbe güni ýurduň esasy oppozision partiýalaryndan ikisi öz kandidatlaryny parlamente dalaşgärleriň sanawyndan çykardy we Belarusyň ilatyny bu saýlawlary boýkotirlemäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG