Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy


Anna güni Aşgabadyň “Aşgabat” stadionynda prezidentiň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy.

Oňa Türkmenistanyň hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy organlaryň ýolbaşçylary bilen birlikde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Prezidentiň kubogyny almak boýunça Türkmenistanda soňky 17 ýyl bäri geçirilýän halkara ýaryşy bu ýyl ilkinji gekzek 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilýär.

Anna güni ýaryşyň açylyş dabarasyndan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň futbol komandalarynyň özara oýny geçirildi. Türkmen futbolçylarynyň has ökde oýun görkezmekleri bilen geçen bu bäsleşik 5:0 hasap bilen türkmenistanly ýaş futbolçylaryň haýryna tamamlandy.

Bu ýylky ýaryşda Türkmenistanyň, Orsýetiň, Ukrainanyň, Belarusyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýetginjekler komandalary özara bäsleşerler.
XS
SM
MD
LG